DÜNÝÄ

“Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi” ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Şu ýylyň 15-nji aprelinde Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi” strategik dialogyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler.

Bu duşuşyga Merkezi Aziýanyň – Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, geňeşe agza döwletleriň – Bahreýniň, Kataryň, Kuweýtiň, BAe-niň, Omanyň we Saud Arabystanynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Duşuşykda Merkezi Aziýa we Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň 2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Jidde şäherinde geçirilen döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar.

Mundan başga-da, 2025-nji ýylda Samarkant şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi” sammitine görülýän taýýarlyklar ara alnyp mashatlaşylar.

Duşuşygyň jemleri boýunça bilelikdäki beýanatyň kabul edilmegine garaşylýar.

Ýene-de okaň

Indoneziýadaky suw joşgunlarynyň ýetiren zyýan $4 mlrddan geçip biler

Gazagystan bilen Ýewropa Bileleşigi wiza düzgünini ýeňilleşdirer

Wladimir Putin Hindistana döwlet sapary bilen bardy

Ýaponiýa-Merkezi Aziýa sammiti dekabrda Tokioda geçiriler

Türkmenistanyň we Somaliniň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy