JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili kabul etdi. Bu barada Gruziýanyň parlamentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda ara alyp maslahatlaşdyrlar, şeýle hem sebitiň ösüşine we söwda-ykdysady gatnaşyklara gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň ähmiýetini bellediler.

Gruzin tarapy Türkmenistanyň Prezidentine Aşgabatda Şota Rustawelliniň ýadygärligini dikeltmek boýunça çözgüdi üçin hoşallygyny bildirip, munuň doganlyk halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrjakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň resmi saparynyň özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga goöant goşjakdygyny belledi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili Merkezi Aziýanyň birnäçe döwletinde, hususan-da Özbegistana, Türkmenistana we Gazagystana resmi saparyny meýilleşdirdi.

Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili Özbegistanda saparda bolup, birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Şondan soňra Türkmenistana gelen Gruziýanyň parlament wekiliýeti Türkmenistana gelip, biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisinde hem-de Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär