Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň arasynda iki ýurduň parlament wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmanlary türkmen parlamentiniň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.
Söhbetdeşlikde parlamentara gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigi nygtaldy. Ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kanunçykaryjylyk we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.
Söhbetdeşler türkmen-gruzin parlamentara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
