Gruziýanyň Mejlisiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili Merkezi Aziýa döwletlerinde, hususan-da Özbegistanda, Türkmenistanda we Gazagystanda saparda bolar. Gruzin parlamentiniň ýolbaşçysy bu saparyny Özbegistandan başlady.
Gruziýanyň Mejlisiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili Daşkentde birnäçe gepleşikler geçirip, ýurduň Premýer-ministri Abdulla Aripow, Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Kanunçykaryjylyk palatasynyň ýolbaşçysy Nuriddin Ismoilow bilen duşuşdy.
Şeýle hem Gruziýanyň Mejlisiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili Türkmenistanda we Gazagystanda saparda bolup, birnäçe duşuşyklary geçirer.
Gruziýanyň Mejlisiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň bu saparynda oňa ýurduň parlament wekiliýeti ýoldaşlyk edýär.
Gruzin parlamentiniň ýolbaşçysy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Merkezi Aziýa sapary 13-nji aprelde tamamlanar.
