SIZDEN GELENLER

Änewi dünýä tanadan kitap

23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berip, onuň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza sowgat boljakdygyny belledi. Munuň özi Diýarymyzda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek üçin ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şu günler bolsa bu täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerim alýar.

Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby mazmunynyň maglumatlara baýdygy, olaryň çeper we düşnükli dilde beýan edilýändigi bilen tapawutlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu kitabyň ýazylmagyna dünýä belli arheologlar, taryhçylar we olaryň nesilleri bilen bilelikde işleşmek bagty miýesser eden Gahryman Arkadagymyzyň beren gürrüňleri uly ýardam berdi. Olar ýurdumyzda ylmy gözlegleri, arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirip, köp sanly wajyp tapyndylary ýüze çykardylar we dünýä derejeli möhüm açyşlary etdiler. Bu giň gerimli işlere Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýä tanadan Rafael Pampelli, şeýle hem Wadim Masson, Wiktor Sarianidi we beýleki tanymal alymlar mynasyp goşantlaryny goşdular. Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitabynda: «Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň» diýip belleýär. Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekýär.

Bilşimiz ýaly, il-ulus bolup «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzy garşylaýan pursatlarymyzda döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby halkymyza gowşupdy. «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitap bolsa hormatly Prezidentimiziň ikinji eseridir. Adyndan belli bolşy ýaly, täze kitapda geçmişde at-owazasy äleme dolan gadymy Änew şäheri, onuň dünýä medeniýetiniň, adamzat ýaşaýşynyň ösmegine goşan saldamly goşandy dogrusynda taryhy maglumatlar getirilýär.

Bu günki gün gadymy şäher älem içre giň meşhurlyga eýe bolýar. Türki medeniýetiniň halkara guramasy tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi-de munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu mynasybetli düýn-öňňin bu şäherde halkara derejesinde ylmy maslahat, aýdym-sazly dabara geçirildi. Gadymy şäherdäki taryhy-medeni ýadygärliklerde ylmy-barlag işlerini guramak baradaky mesele hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze eseriniň çapdan çykmagy her birimiziň begenç-buýsanjymyzy artdyrdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen bu kitap hemmeler üçin örän gymmatly gollanmadyr. Bu kitap akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan toýlaýan ýylymyzda biziň üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy.

«Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitap köpöwüşginli fotosuratlar we şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň surat eserleri bilen bezelip, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edilendir. Türkmen, iňlis we rus dillerindäki eser ýurdumyzyň, şol sanda daşary ýurtlaryň giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni gürrüňsiz özüne çeker.

Göwher Genjiýewa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň

Pedagogika we psihologiýa usuly birleşmäniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Sport saglygyň gözbaşy

Mekdebe çenli bilim: geljegiň binýady

Türkmen halk döredijiligi: milli ruhumyzyň çeşmesi

Bitaraplyk-mukaddes gymmatlyk

Energetika howpsuzlygy – ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ugry

Ýangyç-energetika toplumy — ykdysady ösüşiň binýady