DÜNÝÄ

Tajigistanyň raýatlary üçin Türkiýä wizaly döwür başlanýar

Täjigistanyň raýatlary üçin Türkiýe Respublikasyna 2024-nji ýylyň 20-nji aprelinden başlap, wizaly düzgün girizildi. Bu barada Täjigistanyň “Howar” resmi habarlar gullugy ýurduň daşary syýasat edarasyna salgylanyp habar berýär.

– Ministrligiň habaryna görä, 6-njy aprelde türk tarapy diplomatik ýollar arkaly Täjigistan Respublikasyna bu düzgüniň girizilýändigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji aprelden Täjigistanyň raýatlaryndan Türkiýe Respublikasyna baranlarynda wiza talap ediler – diýlip habarda bellenilýär.

Mundan ozal, Täjigistanyň raýatlary Türkiýe Respublikasynda wiza almazdan 90 gün galyp bilýärdiler.

Türkiýe Respublikasy ýene-de bir ýurda wiza düzgünini girizdi

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri

Ermenistan, Aşkabat’ta ticaret evi açacak

vepa

Dünýäniň iň uzyn ýyldyrymy