2024-nji ýylyň ahyrynda Gazagystanyň “Kazinform” habarlar gullugy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşmagy meýilleşdirýär. Bu hem Türkmenistanda bolup geçýän wakalaryň Gazagystanda giňden wagyz edilmegine mümkinçilik berer.
Mälim bolşy ýaly, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanan dabaralara gatnaşan Gazagystanyň Prezidentiniň ýanyndaky Teleradiotoplumynyň döredijilik işleri boýunça direktory Assel Tursungazin çäreler barada beren maglumatlarynda belläp geçdi.
Gazagystanyň “Kazinform” habarlar gullugy 17 döwlet bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça ähtnama gol çekişdi. Häzirki wagtda türkmen tarapy bilen degişli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň ahyrynda hyzmatdaşlyk boýunça şertnama baglaşmagy, onuň hem döwletara gatnaşyklarynyň ösüşine mundna beýläk-de itergi berjekdigini bellemek bolar.