DÜNÝÄ

Eýranyň Prezidentiniň Aşgabada sapary meýilleşdirilýär

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda saparda boldy. Eýranly myhman Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Eýran ýurdumyzyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň uly ähmiýetini belledi. Toparyň işiniň netijesinde, Türkmenistanda elektroenergetika, ulag ulgamynyň taslamalaryny amala aşyrmak boýunça anyk çäreler ylalaşylandygy bellenildi.

Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan bilen Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň duşuşygy boldy.

Duşuşykda syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, medeni we gumanitar ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan öz ýany bilen Eýranyň metbugat wekillerine beren beýanatynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Aşgabada saparyna hem taýýarlyk görülýändigini belledi.

Diplomatlar iki ýurduň arasynda energetika, üstaşyr we ulag ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny, sebit derejesinde suw baýlyklaryny dolandyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, Hazaryň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Eýran 3-nji Hazar ykdysady forumyny geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi