BIZNES

Türkmenistan energetika taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekýär

Türkmenistan Hazar deňziniň kenaryndaky ýataklary gözlemek we özleşdirmek üçin daşary ýurt kompaniýalaryny çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdiýew habar berdi.

Azerbaýjanyň “Interfax.az” neşiriniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdiýew metbugat brifingini geçirdi.

– Türkmenistanyň Prezidenti içerki we daşary ýurt sarp edijilere tebigy gazyň ygtybarly üpjün edilmegini tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde ikinji orunda durýan “Galkynyş” gaz käniniň tapgyrlaýyn senagat taýdan özleşdirilmegine, Hazar deňziniň kenaryndaky ýataklary gözlemek we özleşdirmek üçin daşary ýurt kompaniýalaryny çekmäge aýratyn üns berilýär – diýip, ilçi belledi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan şu ýylyň 24-25-nji aprelinde Pariž şäherinde energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumyny çekmek babatda halkara forum gurnaýar. Öňde boljak forumda esasy üns deňiz kenaryndaky ýataklary özleşdirmek, “Galkynyş” gaz käniniň indiki tapgyryny özleşmek ýaly ugurlara berler.

Related posts

2021 UCİ Dünya Pist Bisikleti Şampiyonası Aşkabat’ta yapılacak

vepa

IMF’den Türkmenistan’a olumlu not

vepa

«Toyota» Türkiýäniň ikinji uly eksportçysy boldy

Ata Watan Eserleri