Şu ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Belgiýada iş saparynda boldy. Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Türkmen wekiliýeti Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Shinas, Ýewropa Komissiýasynyň ýerini ýetiriji wise-prezidenti Waldis Dombrowskis, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýnen we beýleki ýolbaşçylar bilen duşuşyklar guraldy.

Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýnen öz jemgyýetçilik torunda bu barada şeýle diýdi: “Biz ministr Raşid Meredow bilen Halkara hyzmatdaşlygy boýunça german jemgyýetiniň (GIZ) Türkmenistanda energiýa geçişi goldamak boýunça täze ylalaşyga gol çekilmeginiň şaýady bolduk”.
Belgiýanyň Daşary işler ministrliginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça baş direktory Ýerun Kureman özüniň jemgyýetçilik torunda belläp geçişi ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti bilen özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekilip, ol hem ikitaraplaýyn dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.
