JEMGYÝET

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzda gowaça ekişiniň seneleri kesgitledi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, döwlet Baştutany gowaça ekişiniň möwsüminiň golaýlap gelýändigini belledi.

Bu möwsüm pagtaçy babadaýhanlarymyzyň öňünde möwüm wezipedir. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 20-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa, 27-nji martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berýärin. Hormatly ýaşulularymyzdan gowaça ekişine «Bissimilla» bilen başlap bermeklerini haýyş edýärin. Ýurdumyzyň edermen pagtaçy babadaýhanlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin – diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

 

Related posts

Foruma gatnaşan Prezidentler «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Türkmenistan Moskwadaky harby ýörişe gatnaşdy

Ata Watan Eserleri