MEDENIÝET

Gazagystanda Nowruz baýramy 10 gün bellener

Gazagystanda Nowruz baýramy täze görnüşde bellenilip başlaýar. Şu ýyl bu baýramçylyk 14-23 mart aralygynda bellener. Mundan beýläk, Gazagystanyň halky “Nauryznama” esasynda her güni bir mowzukda bellenilip geçiler.

Baýramçylyk günlerinde milli däp-dessurlar esasynda medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilip, dürli haýyr-sahawat hem-de ekologiýa çäreleri gurnalar.

Mysal  edip, 14-nji martda “Amal” baýramçylygy, 15-nji mart “Rehim-şepagat güni” hökmünde belleniler.

Şelýe hem üstümizdäki ýylda Gazagystanda Nowruz baýramynyň nyşany hökmünde çigildem güli saýlanyp aldyndy.

Gzagystanyň Medeniýet ministrliginiň habar bermegine görä, baýramçylyk günlerinde 10 müňden gowrak medeni çäreler göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri