DÜNÝÄ

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplary Kataryň kitaphanasynda orun aldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplayr hem-de beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy dabaraly ýagdaýda Kataryň Milli kitaphanasyna gowşuryldy. Kataryň Milli kitaphanasy Ýakyn Gündogaryň iri edebiýat çeşmeleriniň saklanýan ýeridir.

Bu dabara Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasy habar berýär.

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasynyň açylan gününden bäri türkmen diplomatlary Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek ugrunda tagalla edýär.

Türkmenistanyň resmi wekilleri birnäçe gezek kitaphana baryp görüp, olaryň ýolbaşçy düzümi bilen gepleşikler geçirdi.

Related posts

Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine girişdi

Ilon Mask Nobel baýragyna dalaşgär görkezildi

Mýanmada güýçli ýertitreme zerarly 7 gün matam yglan edildi