SPORT

Saud topary futbol taryhynyň rekordyna şärik boldy

Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” topary yzly-yzyna 27 resmi duşuşykda ýeňiş gazanyp, futbol taryhynyň rekordyny gaýtalady. Mundan ozal, 2016-2017-nji möwsümde Uelsiň “Nýu-Seýnts” topary şeýle netije görkezipdi

Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” topary ýurduň milli çempionatynyň 23-nji tapgyrynda myhmançylykda “Er-Riýad” toparyny 3:1 hasabynda utup, dünýä rekordyna şärik boldy. Ýeňiş gazanan toparyň düzüminde Ruben Neweş, Maýkl hem-de Aleksandr Mitrowiç tapawutlandy.

Şeýlelikde, Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” topary ähli resmi ýaryşlarda 27 duşuşykda yzly-yzyna ýeňiş gazandy. Saud topary düzümini dünýä futbolynyň öňdebaryjy futbolçylary bilen güýçlendirdi. Geçen ýylyň tomsunda bu topar brazil futbolçy Malkomy hem düzümine goşupdy.

Şeýle hem toparyň düzüminde dünýä belli brazil ýyldyz Neýmar hem çykyş edýär. Häzirki wagtda ol şikesli bolandygy üçin toparynyň bu üstünliklere goşant goşup bilmeýär.

Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” topary uly aratapawut bilen ýurduň milli çempionatynda öňde barýar. 23 duşuşykda 65 utuk jemledi. ikinji orunda barýan Kristiano Ronaldoly “Al-Nasr” toparynyň bolsa 53 utugy bar.

“Al-Hilal” topary indiki tapgyrda 16-njy martda “Damak” topary bilen duşuşar. Topar ındıkı duşuşygynda hem ýeňiş gazanan halatynda rekordyň eýesi bolar we Ginnesiň rekordlar kitabyna girip biler.

Ýene-de okaň

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy