JEMGYÝET

Nuruddin Azizi: Türkmen telekeçilerini işjeň hyzmatdaşlyga çagyrýarys

Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Azizi türkmen telekeçileri Owganystandaky halkara sergilere we maslahatlara çagyryp, ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Bu barada owgan wekiliýetiniň ýolbaşçysy Aşgabatda geçirilen türkmen-owgan işewürler maslahatynda belläp geçdi.

Nuruddin Azizi Türkmenistan bilen Owganystanyň iki goňşy we taryhdan gelen gatnaşyklara eýe ýurtlardygyny belledi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň geçen ýyl Owganystanyň Hyrat welaýatyna amala aşyran saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da işjeňleşmegine itergi berendigini bellän owgan ministri Türkmenistan bilen söwda hem-de üstaşyr gatnawlar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny belledi.

– Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekillerini Owganystanda geçirilýän halkara sergilere we maslahatlara işjeň gatnaşmaga çagyrýaryn. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ykdysady ugra has köp üns berýäris. Owganystanda hususy pudagyň ösdürilmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Wiza ýeňillikler döredildi. Şonuň üçin bilelikde sergileri gurnap bileris. Owganystany senagat ýurduna öwürmek babatda maksatlary goýduk. Soňky 2,5 ýylyň dowamynda eksport mümkinçiliklerimizi artdyrdyk. Häzirki wagtda Hytaý, Russiýam Pakistan, Eýran, Özbegistan, Gazagystan ýaly ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Degişli ylalaşyklar gazanylyp, dürli ugurlarda hyzmatdaşlyklar alnyp barylýar – diýip, Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Azizi maslahatda eden çykyşynda belledi.

 

Ýene-de okaň

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri