Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Bu saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.
Türkiýäniň “Anadolu” agentliginiň habarçysy Dilara Hamit türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ulag-kommunikasiýa ulgamynyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryndaky ähmiýetini nazara almak bilen, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi baradaky sowal bilen ýüzlendi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, türki dilli döwletler Owganystanyň doganlyk halkyna uly kömek edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan, Owganystan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe degişli taslamalary durmuşa geçirmek barada ylalaşdy.
Türkmenistan gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýär. Häzirki wagtda biz döwrebap awtomobil, demir ýollary gurýarys, deňiz we howa ugurlaryny ösdürýäris, sebit, halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar hem-de Gazagystan — Türkmenistan — Eýran üstaşyr ulag geçelgesiniň taslamalaryny mysal hökmünde getirdi.
Şunuň bilen baglylykda, Demirgazyk — Günorta ugruna ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasynda gatnawlaryň alnyp barylýandygy bellenildi. Şunda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň iri möçberli ýük daşamalary amala aşyrmak üçin ägirt uly kuwwatynyň bardygy nygtaldy.
