Mälim bolşy ýaly, golaýda Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky dürli döwlet düzümleriniň, ýagny Dag-magdan senagaty we nebit ministrliginiň, «Da Afghanistan Breshna Sherkat» energetika kompaniýasynyň, Owganystanyň demirýol müdirliginiň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet ýurdumyzda saparda boldy.
Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottakiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen duşuşygy boldy.
Duşuşyk Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda eksport-import ýük akymlarynyň köpelmegi, şeýle hem Turgundi portunda demirýol kuwwatyny ýokarlandyrmak baradaky taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.
Türkmenbaşy portundaky owgan işewürlerine kömek bermek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Muttaki Turgundi portunyň Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda strategiki orny eýeleýändigini belläp, bu nokadyň üsti bilen iki ýurduň hem demir ýol arkaly baglanyşýandygyny aýtdy. Ol Owganystanyň iki ýurduň arasyndaky söwdany we üstaşyr geçişini giňeltmek maksady bilen türkmen maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda Turgundi portunyň kuwwatyny artdyrmaga taýýardygyny aýtdy.
M.Çakiýew hem öz gezeginde ýakyn wagtda iki ýurduň demirýol ýolbaşçylarynyň arasynda şertnama gol çekiljekdigini, şondan soň türkmen tarapynyň Turgundi portundaky demir ýol menziliniň kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin işe başlajakdygyny aýtdy.
Şeýle hem, Turgundi şäherinde zerur ýer bölüp berendigi üçin owgan tarapyna minnetdarlyk bildirildi. Şol bir wagtyň özünde, türkmen tarapynyň bu taslama maýa goýmaga taýýardygy görkezildi.
Duşuşygyň gün tertibinde “Lapis lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesini işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi (bellik: Türkiýe, Gruziýa, Azerbaýjan, Türkmenistan we Owganystan arasyndaky ulag geçelgesi taslamasy).
Owgan ministri bu taslamany dikeltmek üçin oňa gatnaşyjy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çägyrdy. Şeýle hem ol öz ýurdunyň bu taslamany dikeltmek işini daşary söwda ugrunyň esasy wezipeleriniň biri hökmünde garaýandyklaryny belledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Owganystanyň senagat we söwda ministriniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde owgan işewürleri bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portuna baryp görjekdigini belledi.
Owganystanyň Söwda we senagat ministrliginiň maglumatyna görä, 2023-nji ýylda Owganystan-Türkmenistan söwdasy 481 million dollara ýetdi, şolardan 477 million dollary importyň paýyna düşýär.