DÜNÝÄ

Halkara zähmet guramasy Aşgabatda ýörite wekilini bellemek isleýär

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara zähmet guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin sebit direktory Beata Andres bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň has-da işjeň häsiýete eýe bolýandygyny bellediler.

Şunda, taraplaryň arasynda saparyň netijeleri, şu ýylyň 21-nji fewralynda geçirilen ýokary derejeli tegel stol duşuşygynyň ähmiýeti hem-de Halkara zähmet guramasy bilen 2024-nji hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meýilleri barada pikir alyşmalar geçirildi.

Şeýle-de, Halkara zähmet guramasynyň konwensiýalaryna goşulmak arkaly şertnama-hukuk binýady berkitmek, türkmen hünärmenleriniň bilimlerini ýokarlandyrmak, durmuş ulgamy boýunça hyzmatdaşlar bilen üznüksiz gepleşikleri üpjün etmek we guramanyň öňde duran çärelerine, hususan-da, Halkara zähmet konferensiýasyna taýýarlyk görmegiň meselelerine seredildi.

Bellenilerden başga, Türkmenistanyň hökümeti bilen Halkara zähmet guramasynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary alyp barmak we utgaşdyrmak maksady bilen guramanyň wekilini Aşgabatda bellemek barada türkmen tarapynyň teklibi maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda B. Andres türkmen tarapyna guramanyň hödürnamalaryny ulanmak arkaly Türkmenistanda zähmet bazaryny kämilleşdirmäge we düzgünleşdirmäge ýardam eden saparynyň netijeli geçmegine edilen hemaýatlar üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri