JEMGYÝET

Türkmenistanyň jemi içerki ösüşi 2009-njy ýyldan bäri ortaça 6 göterimden ýokary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Şol mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri  ýurdumyzyň içerki ösüşi bilen bagly käbir görkezijilere ünsi çekdi.

1. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Dünýäde bolup geçen ykdysady çökgünliklere garamazdan, jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklandy. 2009-njy ýyldan bäri ortaça 6 göterimden ýokary ösüş emele geldi. Soňky 15 ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň möçberi 3,7 esse artdy.

2. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşleri barha artýar hem-de hil babatda dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylda öndürilen senagat önümleriniň möçberi 3 esseden gowrak köpeldi.

3. Içerki bazarda haryt üpjünçiligi doly kanagatlandyrylýar. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2008-nji ýylda 16 million manat bolan bolsa, 2023-nji ýylda bu görkeziji 8,5 esse artyp, 140 million manada barabar boldy.

4. 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirilip, 7 milliondan gowrak adam sany hasaba alyndy. Bu, 2008-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2 milliona golaý ilatyň artandygyny görkezýär. Demografik ösüş ilatymyzyň hal-ýagdaýynyň hem-de ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagynyň hasabyna üpjün edildi.

Ýene-de okaň

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri