SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: arzanlandylan biletleriň bahalary

«Türkmenistan» awiakompaniýasy syýahatçylaryň ählisine ýörite teklibi bilen ýüzlenýändigini habar berýär. 2024-nji ýylyň 1-nji fewraly — 31-nji marty aralygynda awiakompaniýanyň ýolagçylary görkezilen ugurlara awiapetekleri satyn almak üçin bellenen arzanladyşlardan peýdalanyp bilerler:

Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat — 7 294 ТМТ

Aşgabat – Milan – Aşgabat — 7 300 ТМТ

Aşgabat – London – Aşgabat — 7 847 ТМТ

Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat — 7 540,9 ТМТ

Awiakompaniýa tarapyndan hödürlenen ajaýyp teklip amatly bahadan dünýä syýahat etmegiňiz üçin ajaýyp mümkinçilikleri açýar. Awiakompaniýa siziň halkara saparlaryňyzyň hem-de syýahatlaryňyzyň has-da elýetelerli we amatly bolmagy üçin yhlasyny gaýgyrmaýar.

Ýolagçylar bu mümkinçilikden peýdalanmak üçin web-saýt arkaly petekleri belläp (bron edip) ýa-da awiakompaniýanyň ofislerine ýüz tutup bilerler.

Ýene-de okaň

Maldiw adalarynyň taryhy syýahatçylyk rekordy

Türkmenistanyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklandy

Ata Watan Eserleri

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi