SPORT

Aziýanyň iň güýçlisi – Katar

Katarda geçirilen Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryş tamamlandy. 18-nji gezek geçirilen Aziýanyň Kubogyny ýer eýeleri Kataryň milli ýygyndysy gazandy. Şeýlelikde, bassyr 2 ýyldan bäri Aziýanyň iň güýçlisi Katar boldy.

Final duşuşygynda Kataryň milli ýygyndysy Iordaniýanyň ýygyndysyny 3:1 hasabynda utdy. Kataryň ýygynydysy ähli gollary 11 metrlik jerime urgularyndan geçirdi. Ýygyndynyň meşhur futbolçysy Akram Afif öz adyna ýazdyrdy.

Akram Afif duşuşygyň 22-nji, 73-nji hem-de 95-nji minutlarynda 11 metrlik jerime urgularyny dürs ýerine ýetirdi. Iordaniýanyň ýygynydysynyň ýeke-täk goluny 67-nji minutda Ýazan Al-Naýmat geçirdi.

Kataryň ýygyndysy bassyr 2 gezek bu kubogy gazandy. Eýran, Saud Arabystany 3 gezek Aziýanyň Kubogyny gazanan bolsa, bu kubogy iň gazanan ýygyndy Ýaponiýadyr (4).

Iordaniýanyň ýygyndysy öz taryhynda ilkinji gezek finala çykyp, Aziýanyň kubogynda 2-nji bolmagy başaryp, taryhy üstünligini gazandy.

Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryş 2023-nji ýylyň tomsunda geçirilmelidi. Ýöne ýer eýeleri Hytaý ýaaryşy geçirmekden ýüz öwürdi. Onuň ýerine Katar bu ýaryşy 2024-nji ýylyň gyşynda geçirmegi kabul etdi.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler