JEMGYÝET

Ispan wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geler

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogyýew bilen Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekili (ýerleşýän ýeri Moskwa) M.G. Martinez bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar ýaly birnäçe möhüm ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki ösüşi we geljegi barada pikir alyşdylar.

Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilelikdäki iş gurmak meselesinde maýa goýum işleri, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ýaly ugurlaryň gyzyklanýandygyny bellediler.

Şu ýylyň mart aýynda meýilleşdirilýän Ispaniýanyň wekiliýetiniň sapary bu maksada ýetmäge kömek eder. Ispan wekiliýetiniň düzüminde öňdebaryjy kompaniýalaryň we guramalaryň wekilleri bolar.

Related posts

Beýik Britaniýanyň “JCB” kompaniýasy bilen ylalaşyk baglaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakyldy

Ata Watan Eserleri

“Merkezi Aziýa – Azerbaýjan” görnüşindäki ilkinji sammit 8-nji oktýabrda Türkmenistanda geçiriler