BIZNES

Ýaponiýanyň «GRANSOL INC» kompaniýasy öz hyzmatlaryny hödürleýär

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Ýaponiýanyň «GRANSOL INC» kompaniýasynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň hem-de Edaranyň agzalarynyň arasynda duşuşyk guraldy.

Däp bolşy ýaly, iki tarapyň wekilleriniň birek-birek bilen tanyşdyrylyşy tamamlanandan soňra, Ýaponiýanyň «GRANSOL INC»  kompaniýasynyň wekilleri öz alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Esasan, hukuk we telekeçilik goldawyny bermek, işewürleriň özara arabaglanyşygyny guramak we Ýaponiýanyň kompaniýalaryny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewürligi bilen tanyşdyrmak, olaryň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ýardam etmek ýaly ugurlar boýunça öz hyzmatlaryny hödürlediler.

 Türkmen işewürligi, kompaniýalary we telekeçileri hakynda maglumatlary almak we geljekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksadyndan ugur alan ýaponiýaly işewürler bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň agzalary bilen myhmanlaryň arasynda öz alyp barýan işleri hakynda pikir alyşmaga mümkinçilik döredildi.

Related posts

Täjigistan türkmen telekeçilerini erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmenistan Gruziýa awtomobil ýangyjyny ibermekde ilkinji üçlükde

Mask täzeden dünýäniň iň baý adamy