Eýranyň nebit ministri Jawad Owjiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda boldy. Eýranyň “Shana” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň wekiliýetini kabul etdi.
Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde tebigy gaz söwdasy, nebit önümleriniň eksporty, tehniki-inženerçilik hyzmatlary we enjamlaryň üpjünçiligi babatda pikir alşyldy.
Eýranyň nebit ministri Jawad Owji Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanow bilen duşuşdy.
2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşliginde eýran tarapy Türkmenistan bilen söwda hyzmatdaşlygynyň ösýändigine uly kanagatlanma bildiripdi.
Şeýle hem Prezidentler iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň arasynda energetika, ulag we üstaşyr ugurda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekipdi.
