Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene şanly 80 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu şanly günde Prezident Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, Awstriýa Respublikasynyň halkynyň öňe gitmegine hem-de rowaçlygyna gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
***
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene şanly 80 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Gahryman Arkadagymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Wan der Bellene Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
