Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu işlere ýurdumyzyň telekeçilik düzümleriniň wekilleri hem işjeň çekilýär. Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy tehnologiýalardyr enjamlar bilen üpjün edilen, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleri, hususan-da, dürli ölçegdäki polat turbalary öndürjek täze, döwrebap bilelikdäki kärhanany döretmek boýunça işleriň geçirilýändigi barada aýdyldy hem-de degişli teklip beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlary özümizde öndürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz döwlet we hususy tarapyň gatnaşmagynda önümçilik kärhanasyny döretmek baradaky beýan edilen teklibi makullap, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
