MEDENIÝET

Hind Žudar: türkmen modasy öz keşbine eýe bolýar

Fransuz moda birleşiginiň ýolbaşçysy Hind Žudar, türkmen moda dizaýnerleriniň işine ýokary baha berdi. Fransiýaly myhman paýtagtymyz Aşgabatdaky Modeller öýünde ýaýbaňlandyrylan türkmen milli lybaslarynyň görkezilişine gatnaşdy.

Üç günüň dowamynda «Aşgabat», «Mähirli zenan», «Nur Ýüpek», «Peýker» modalar öýleri tarapyndan taýýarlanan milli lybas toplumlarynyň görkezilişi boldy. Oňuň esasy myhmanlary –  fransiýaly wekiller — «Route De La Soie Et Al-Andalus» assosiasiýasynyň ýolbaşçysy, «Oriental Fashion Show» moda görkezilişiniň esaslandyryjysy Hind Žudar we suratçy Pol Žak Tomasi boldy.

Bu moda görkeziliş dabarasynyň çäklerinde “CentralAsia.news” saýtynyň sowallaryna jogap beren fransuz moda hünärmeni Hind Žudar şu gezekki sergi hakykatdan hem türkmen dizaýnynyň we türkmen modasynyň öz keşbine ynam bilen eýe bolandygyny ýene bir gezek tassyklady.

– Men bu ugurda ençeme ýyl bäri işleýän hünärmen hökmünde, milli stili moda dünýäsiniň häzirki zaman tendensiýalary bilen utgaşdyrmak baradaky bu paýhasly we oňat däbi elmydama goramaga çagyrýaryn  – diýip, ol belledi.

Hind Žudar el bilen ýasalan nagyşlaryň we baý reňkli matalaryň şu güne çenli seresaplylyk bilen saklanyp galan Türkmenistan halkynyň aýrylmaz we beýik mirasydygyna aýratyn ünsi çekdi.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri