DÜNÝÄ

Türkiýäniň Prezidenti Gyrgyzystanda saparda bolar

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow öz ýurduna resmi sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi. Sadyr Žaparowduşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky ähli ugurlarda okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginine kanagatlanma bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Gyrgyzystana meýilleşdirilen sapary, şeýle hem şol saparyň çäklerinde iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary geňeşiň mejlisine görülýän taýýarlyklar barada pikir alşyldy.

Şeýle hem saglygy goraýyş, energetika we maliýe pudagy, mundan başga-da sebit howpsuzlygy babatdaky meselelere garaldy.

Hakan Fidan myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň liderleriniň bilelikdäki tagallalary bilen özara bähbitli gatnaşyklarda oňat netijeleriň gazanylandygyny belledi.

Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan bu saparynyň çäklerinde Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmak, şeýle hem gyrgyz-türk maýa goýum gazanasyny döretmek babatda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny bellediler.

Mundan başga-da, gyrgyz raýatlarynyň Türkiýäniň lukmançylyk edaralarynda mugt bejergi almaga mümkinçilik berýän ylalaşygy täzeden durmuşa geçirmek meselelerine garadylar.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri