Gadam basylan 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy her birimizde çäksiz buýsanç we şatlyk duýgusyny döredip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldar şahyrymyza goýulýan hormat-sarpanyň has belent derejelere göterilendigini dabaralandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň eserleri bu gün türkmen kalbynyň owazy bolup, dünýä ýaň salýar. Dana Pyragyny dünýä beren halkymyzyň mertebesi Ýer ýüzünde hemişe belentdir». Bu gün halkymyz dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda — berkarar döwletde ýaşamak bilen, şirin dilli söz ussadyň döredijiligine uly sarpa goýýar. Täze, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde giňden bellenip geçiljekdigi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy täze taryhy döwrümizde türkmeniň akyldar şahyrynyň sarpasynyň uludygy hakdaky hakykatyň özboluşly beýanydyr. Şonuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy ildeşlerimiziň watançylyk ruhuny has belende göterip, beýik döwrümize bolan buýsanjyny goşalandyrdy.
Türkmeniň beýik şahyry, akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara derejede ebedileşdirilmegi, eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi parasatly pikirleriň, ynsanperwer garaýyşlaryň, gymmatly pelsepeleriň hiç haçan könelmän, almaz daşy ýaly ýalkym saçýandygynyň hakykatyny dabaralandyrýar. Aşgabat şäheriniň görnükli ýerinde, Köpetdagyň dag gerişleriniň eteginde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň hormatyna medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy türkmen halkynyň beýik şahyryna sarpasynyň bir nyşanydyr.
Täze ýylyň şygary halkyň ruhuny baýlaşdyrmak, olary beýik maksatlara gönükdirmek, jemgyýetde ylmy-düşünjäni ösdürmek babatda edilýän aladalaryň binýatlaýyn häsiýetini şöhlelendirýär. Bu aladalar öz netijesini hem berýär. Munuň şeýledigine bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban halkymyza Täze ýyl gutlagyny diňlänimizde hem ýene bir gezek göz ýetirdik. Şol ösüş-özgerişleriň arassa akabasyna goşulyp, eziz Diýarymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmek her birimiz üçin belent borçdur. Bu günki üstünlikler ertirlere ynam-umyt, ylham-ganat berýär. Ýetilen sepgitler bolsa ýagty geljek üçin täze gözýetimleri açýar.
Arzuw Setdarowa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Gündogar dilleri we edebiýaty,
olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.