BIZNES

Türkiýe Russiýa ýumurtga eksportunyň ilkinji tapgyryny amala aşyrdy

Russiýanyň Oba hojalyk gözeglçilik gullugy (Rosselhoznadzor) Türkiýe Respublikasyndan gelip gowşan imitlik ýumurtganyň ilkinji tapgyryny barlagdan geçirendiklerini habar berdi.

– 3-nji ýanwarda “Ýarag-Mazlaar” gümrük nokadyna Türkiýeden eksport ugurly ýumurtgalar gelip gowuşdy. Ilkinji tapgyrda Russiýanyň çäklerinde ýerlenmek üçin 19.36 tonna ýumurtga geldi – diýip, degişli edaranyň resmi saýtynda habar berilýär.

Russiýanyň degişli edarasy Türkiýäniň 21 kärhanasyna ýumurtga eksport etmäge rugsat berdi.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň dekabrynda Russiýa Federasiýasyna Azerbaýjadan hem ýumurtga gelip başlady. Russiýa Federasiýasy 1-nji ýanwardan towuk ýumurtgalary üçin salgyt paçlaryny ýatyrdy. Bu düzgün 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli dowam eder. Bu hem 1,2 milliard sany ýumurtga gelmegine mümkinçilik berip, ýurtda ýumurtganyň bahasynyň ýokarlanmagynyň öňüni almaga şert döreder.

 

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar