Döwletliler köşgüniň baýramçylyk ruhunda bezelen zalynda Täze ýyl mynasybetli dabara geçirildi. Onuň dowamynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Ýaş nesli hemmetaraplaýyn terbiýelemek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy maksatlarynyň biridir. Ýurdumyzda howandarlyga mätäç çagalar yzygiderli üns-alada bilen gurşalýar. Bu babatda halkymyz asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän ýörelgeleri kemala getiripdir. Häzirki döwürde bu ýörelgeler çagalaryň jemgyýetde mynasyp ornuny tapmagyna gönükdirilen hukuk kepillikleriniň toplumynda öz beýanyny tapýar.
Bu gün uly arçanyň ýanynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalary Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlamak üçin bu ýere Aýazbaba we Garpamyk gelipdirler. Çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşmaga Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem geldiler.
Ýaş zehinli çagalar şu günki dabara gatnaşýan myhmanlaryň öňünde konsert maksatnamasy boýunça çykyş edip, öz döredijilik başarnyklaryny görkezdiler. Bezelen arçanyň ýanynda çagalar goşgy okadylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlaryň gowşurylmagy çagalaryň toý şatlygyny has-da artdyrdy.
