BIZNES

“Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe” ulag geçelgesi döredilýär

“Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe” multimodal ulag geçelgesini gatnaşýan ýurtlaryň demirýol administrasiýalarynyň ilkinji duşuşygy Stambulda geçirildi. Onda bu ulag geçelgesiniň ösüşi bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ara alyp maslahatlaşmagyň esasy mowzugy demirýolda nyrhlarynyň girizilmegi we ugur boýunça ulag gatnamalaryň möçberi ýokarlanmagy boldy.

Duşuşykda gatnaşyjy ýurtlaryň demirýol administrasiýalarynyň arasynda degişli teswirnama gol çekildi. Bu resminama, ulag geçelgesini ösdürmekde möhüm ädim boldy, sebäbi bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ähli taraplaryň hyzmatdaşlygy we bilelikdäki tagallalary birleşdirýär.

“Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe” ulag geçelgesini döretmek baradaky teswirnama Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň 12-nji duşuşygynyň çäginde gol çekilendigini bellemek gerek. Bu geçelge ulag infrastrukturasyny we sebit ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ugurdyr.

Bu multimodal ulag ýolunyň ösdürilmegi ykdysady gatnaşyklary berkitmäge we Özbegistan, Türkmenistan, Eýran we Türkiýäniň arasynda söwda mümkinçiliginigiňeltmäge kömek eder.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar