180 million ýewro – dünýäniň iň gymmat futbolçysynyň bahasy. Gyzykly tarapy, bu görkeziji 3 futbolçy üçin hem deňdir. Olar – Jud Bellingem, Erling Holand we Kilian Mbappe.
Dünýäniň iň gymmat 10 futbolçysynyň bahasy 1 milliard 360 million ýewro deňdir. Birinji orny birbada 3 futbolçy eýeleýär. Olaryň her biriniň bahasy 180 million ýewro deňdir.
Sanawyň ilkinji ornunda “Real Madrid” toparynyň iňlis ýarymgoragçysy Jud Bellingem ýerleşdi. 20 ýaşyndaky ýyldyz futbolçy mundan ozalky sanawda 3-nji orunda durýardy. Bu möwsümde görkezen oňat görkezijileri onuň gymmatynyň 30 million ýewro artmagyna goşant goşdy.