BIZNES

Dünýäniň iň uly deňiz ýel elektrik bekedi gurlar

Daniýanyň “Orsted” energetika kompaniýasy Angliýanyň Norfolk graflygynyň kenarynda dünýäniň iň uly deňiz ýel elektrik bekedini gurar.

Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, bu taslama bilen takmynan 3 million hojalyk elektrik energiýasy bilen üpjün ediler. Umumy kuwwaty 2,9 GWt bolan 200 ýel turbinasy kenardan 120 km uzaklykda gurlar.

Daniýanyň kompaniýasy 11 milliard dollar töweregi bahasy bolan bu taslamany 2027-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamagy meýilleşdirýär we bu taslama 5 müň täze iş ornunyň döredilmegine mümkinçilik berer.

Britan hökümeti 2030-njy ýyla çenli deňiz ýel elektrik önümçilik kuwwatyny 50 GWt-a ýetirmegi göz öňünde tutýar.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar