JEMGYÝET

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kararnama kabul etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda 78-nji mejlisiň 49-njy umumy mejlisinde biragyzdan şu aşakdaky kararnamany kabul etdi: “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny”.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip düzülen kararnama 38 döwlet awtordaşlyk etdi.

Kararnama, ykdysady integrasiýany we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin milli, sebit we dünýä derejesinde, energiýa birikmesiniň ygtybarlylygyny hem-de durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, esasanda hemmeler üçin elýeterli, ygtybarly, dowamly we döwrebap energiýa çeşmelerini üpjün etmekde durnukly ösüş pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny dowam etdirmegi talap edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2024-nji ýylyň başynda strategiýalary ara alyp maslahatlaşmak, energiýa birikmesini hem-de energiýa çeşmeleriniň hereketini güýçlendirmek ugrundaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, durnukly ösüşi gazanmakda we içerki energiýa çeşmeleri çäkli ýurtlaryň isleglerini kanagatlandyrmakda olaryň esasy ornuny ykrar etmek arkaly halkara hünärmenler duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.

Ýene-de okaň

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Patyşa Karl III bilen duşuşdy

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar