BIZNES

Türkmen telekeçileri Eýrandaky Täze ýyl söwda festiwalyna çagyrylýar!

2023-nji ýylyň 23-29-njy dekabrynda Bajigyran şäherinde ýörite Täze ýyl baýramyna degişli harytlaryň we Eýranyň uly bolmadyk kompaniýalarynyň öndürýän önümleriniň söwda-satuw festiwaly geçiriler. Bu barada Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Bu barada berlen bildirişde şeýle diýilýär:

– Türkmenistanly gyzyklanma bildirýänler, şol sanda täjirler we firma müdirleri bu festiwaly görmek hem-de özlerine gerek önümleri satyn almak bilen bir hatarda, önüm we haryt öndürijiler bilen gönüden-göni gepleşip bilerler.

Goşmaça maglumat boýunça habarlaşmak üçin: Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň telefony: 34-93-61/62

Related posts

«Uzynada» käninde täze gaz akymy alyndy

Türkmenistan’da Pamuk Ürünleri Fuarı düzenlenecek

vepa

Türkmenistan doğumlu kozmonot uzay yolculuğuna başladı

vepa