DÜNÝÄ

Eýran 32 döwlet üçin wiza düzgünini ýatyrýar

Eýran Yslam Respublikasy syýahatçylyk pudagyny has-da ösdürmek maksady bilen 32 döwlet üçin wiza düzgünini birtaraplaýyn esasda ýatyrmagy meýilleşdirýär. Eýranyň Ministrler Kabineti bu çözgüdi tassyklady.

Ýurduň medeni miras, syýahatçylyk we senet.’l’k ministri Ezzatolla Zargaminiň ýolbaşçylygyndaky ministrlik bu babatda degişli teklibi taýýarlady. Eýranyň metbugatynyň habar bermegine görä, bu teklip Ministrler Kabineti tarapyndan makullandy.

Soňky maglumatlara görä, Eýrana gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 4,4 milliona deň boldy. Mundan başga-da, Täjigistan, Azerbaýjan, Özbegistan, Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Owganystan ýaly Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýurtlaryndan hem şu ýylyň ilkinji alty aýynda 1,1 million syýahatçy Eýrana bardy.

Wiza düzgüniniň ýatyrmak babatdaky maksatnamadaky ýurtlar: Hindistan, Birleşen Arap Emirlikleri, Bahreýn, Saud Arabystany, Katar, Kuweýt, Indoneziýa, Bruneý, Ýaponiýa, Singapur, Kamboja, Malaýziýa, Wýetnam, Braziliýa, Peru, Kuba, Meksika, Boliwiýa, Wenesuela, Bosniýa we Gersegowina, Serbiýa, Horwatiýa, Belarus, Liwan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Tunis, Mawritaniýa, Tanzaniýa, Zimbabwe, Mawritis we Seýşel adalary.

 

Related posts

Türkmen alabaýlary ÝUNESKO-nyň sanawyna giriziler

Ata Watan Eserleri

Awazada «Hazar deňzi – dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Türkmenistan ile Ermenistan siyasi istişarelerde bulundu

vepa