TEHNOLOGIÝA

Özbegistan 1 million ýeňil awtoulag öndürer

Özbegistan 2030-njy ýylda ýeňil awtoulag önümçiligini 1 million birlige ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda maşyngurluşyk we oba hojalyk tehnikalarynyň önümçiligini ösdürmäge degişli taslamalaryň tanyşdyrylyş çäresinde habar berildi.

Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 2024-nji ýylda öňde goýlan wezipelerini ýerine ýetirmek üçin edilmeli işler kesgitlendi we “Uzawtosanoat” edarasynyň işini kämilleşdirmegi çaltlandyrmagyň möhümdigi bellenildi.

Soňky ýyllarda Özbegistanda awtoulag önümçiligi 3 esse köpeldi. Şu ýylyň ahyrynda bu görkeziji 415 müň birlige eýeter. Awtoulag önümçiligine 3 sany hususy awtoöndürijiler we meşhur halkara kompaniýalar çekilýär.

Häzirki wagtda ýurtda 8 zawoda awtoulaglaryň, ýük we ýolagçy awtobuslaryň hem-de oba hojalyk we ýörite tehnikalaryň onlarça görnüşi öndürilýär.

Geljek ýyl ýylda 10 müň elektrik ulagy öndürip bilýän awtoulag zawodynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar