SPORT

Faruk Koja ömürlik futboldan daşlaşdyryldy

Mälim bolşy ýaly, Türkiýäniň futbol çempionatynyň ýokary ligasynda “Rizespor” bilen “Ankaragüji” toparlarynyň arasyndaky duşuşykdan soňra, “Ankaragüji” toparynyň ýolbaşçysy Faruk Koja duşuşygyň baş emini Halil Meleri urupdy.

Bu wakadan soňra Türkiýäniň futbol federasiýasynyň düzgün-nyzam komiteti degişli seljerme işlerini geçirdi. Şeýlelikde, bu komitetiň çykaran çözgüdi bilen “Ankaragüji” toparynyň ýolbaşçysy Faruk Koja futboldan ömürlik daşlaşdyryldy. Ol mundan beýläk-de futbol dünýäsinde işläp bilmeýär.

Mundan başga-da, “Ankaragüji” toparyna 2 million lira (62800 ýewro) jerime, bu waka sebäpli janköýerleriň hereketleri üçin hem 200 müň lira (6280) pul jerimesi berildi.

Bulardan başga-da, “Ankaragüji” topary futbol çempionatynyň 5 duşuşygyny tomaşaçysyz geçirer.

Türkiýäniň futbol çempionatynda bu waka 11-nji dekabrda bolup geçdi. “Ankaragüji” topary öz meýdançasynda “Rizespor” toparyny kabul etdi. Duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Oýunda emin Halil Mutlu Meler “Ankaragüji” toparynyň goluny hasaba almady we toparyň futbolçysy Ali Soýy duşuşygyň ikinji ýarymyndan meýdançadan çykardy.

Muňa gaharlanan toparyň ýolbaşçysy Faruk Koja we onuň egindeşleri duşuşykdan soňra emin Halil Meleri urdular.

Ýene-de okaň

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Meksikadan soňra ABŞ hem 1/16 tapgyra çykdy

Dünýä çempionatynyň il çalt goly geçirildi

Ata Watan Eserleri