DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hoseýn Amirabdollahian bilen telefon söhbetdeşligi geçirildi.

Eýranyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, taraplar iki döwletiň arasynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we hyzmatdaşlygy giňetlmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bir hatarda halkara we sebit gün tertibiniň käbir meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hoseýn Amirabdollahian iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhümdigini belläp, eýran-türkmen serhediniň dostluk serhedidigini belledi.

Eýranyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow eýranly kärdeşi bilen Moskwada geçirilen gepleşikleri ýatlap geçip, Türkmenistan bilen Eýranyň energetika, tebigy gaz, ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlygynyň örän möhümdigini belläp geçdi.

R.Meredow Türkmenistanyň Eýran bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.

Ýene-de okaň

Konsullyk meseleleri boýunça türkmen-ermeni geňeşmeleri geçirildi

Türkmenistanyň Ilçisiniň Filippinler Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy

Meredow bilen Lawrow Türkmenistanyň SPIEF-e gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşdylar

Russiýanyň daşary işler ministri Türkmenistana geler

Türkmenistan bilen Russiýanyň haryt dolanyşygy 1,6 milliarddan geçýär

Türkmenistan ABŞ-daky wiza möhleti bozulmalarynda iň az düzgün bozan ýurt