DÜNÝÄ

Russiýada Prezident saýlawlarynyň senesi kesgitlendi

Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşi 2024-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen Prezident saýlawlaryny senesini kesgitledi. Federasiýa Geňeşiniň kabul eden kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 17-nji martynda Russiýada Prezident saýlawlary geçiriler.

– Bu kabul edilen karar bilen saýlawyň öň ýanyndaky möwsüme hem badalga berler – diýip, parlamentiň ýokary palatasynyň mejlisinde Walentina Matwiýenko belläp geçdi.

Kanunçylyga laýyklykda, Russiýada prezident saýlawlarynyň senesi parlamentiň ýokary palatasy tarapyndan ses bermek gününden 100 gün az bolmadyk hem-de 90 gün giç bolmadyk senede mälim edýär.

Prezident saýlawlarynda ses bermek güni aýyň ikinji ýekşenbesi güni hökmünde kesgitlendi we ol mundan ozalky döwlet baştutanynyň saýlawlarynda şeýle bolupdy.

Federasiýa Geňeşiniň karary biragyzdna kabul edildi we oňa 162 senator ses berdi. Bu karar çap edilen gününden güýje girýär.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda Şäherleriň Bütindünýä Forumy başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar