JEMGYÝET

Jewdet Ýylmaz: türkmen tebigy gazyny dünýä bazaryna çykarmakda hyzmatdaşlyga taýýardyrys

Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Türkmenistanyň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny dünýä bazaryna çykarmak üçin täze we iri  taslamalary bilelikde işläp düzmäge we durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny mälim etdi. Bu barada Jewdet Ýylmaz türkmen-türk işewürler maslahatynda habar berdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen-türk işewürler maslahaty geçirildi. işewürler maslahatynda çykyş eden Jewdet Ýylmaz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mart aýynda we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň oktýabr aýynda amala aşyran saparlarynyň türkmen-türk dost-doganlygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrülendigini belledi.

Aşgabatdaky saparynyň çäklerinde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşandyklaryny mälim eden Jewdet Ýylmaz tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde 4-nji orunda durýan Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda köpri bolup durýan Türkiýäniň üsti bilen tebigy gazyny dünýä bazaryna çykarmak babatda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny aýtdy.

Jewdet Ýylmaz Türkiýede Aşgabatda araa alnyp maslahatlaşylan bu ugurlary Energetika ministrliginde we beýleki degişli edaralarda pikir alyşjakdyklaryny belledi.

Türkiýäniň wise-prezidenti ulag we logistika ulgamynda hem hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belläp, sebit hyzmatdaşlygy babatda Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň arasyndaky üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi