JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutladylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Siziň baştutanlygyňyzda Gyrgyz Respublikasynyň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki ugurlarda uly üstünlikleri gazanandygyny bellemek guwandyryjydyr. Häzirki döwürde ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar çalt depginde ösýär we täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Döwletara hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge Siziň aýratyn üns berýändigiňiz we ägirt uly goşant goşýandygyňyz üçin minnetdarlygymy bildirýärin” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara aýratyn üns berilýändigini belläp, onuň geljekde-de halklarymyzyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gyrgyz Respublikasynyň halkynyň bähbidine alyp barýan ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär