JEMGYÝET

Putin Türkmenistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul eder

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 4-nji dekabrda Russiýa Federasiýasyna täze bellenen 21 döwletiň ilçileriniň  ynanç hatlaryny kabul eder. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň metbugat gulugy habar berdi.

Habar berlişine görä, “2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Russiýanyň Prezidenti 21 döwletiň ilçilerinden ynanç hatlaryny kabul eder” – diýlip bellenilýär.

Russiýa täze bellenen ilçileriň hatarynda Türkmenistan döwletimiziň hem ilçisi bar. Mälim bolşy ýaly, golaýda Esen Aýdogdyýew Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenipdi.

Türkmenistan bilen bir hatarda Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, şeýle hem Awstraliýanyň, Alžiriň, Burundiniň, Gamibiýanyň, Gresiýanyň, Dominikanyň, Gazagystanyň, Kuweýtiň, Lýuksemburguň, Mawritaniýanyň, Maliniň, Pakistanyň, Koreýa Respublikasynyň, Singapuryň, Sloweniýanyň, Türkiýäniň, Şwesiýanyň we Efiopiýanyň täze bellenen ilçileri Kreml köşgüniň Aleksandrowsk zalynda kabul ediler.

Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy täze ilçileriň diplomatik  işleriniň Russiýada  başlanýandygyny alamatlandyrýar. Şeýle çäreler yzygiderli geçirilýär we soňky gezek aprel aýynda bolupdy.

Bu dabaralarda ýurduň Prezidenti daşary ýurtly ilçileriň öňünde çykyş edýär we döwletler bilen Russiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklara baha berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi