BIZNES

Maşat şäherinde “STAR EXPO 2023” atly sergi geçirildi

2023-ýylyň 28-nji noýabrynda Maşat şäherinde “Star Expo 2023” ady bilen iýmit we syýahatçylyk ugruna bagyşlanan dördünji sergi öz işine başlady.

Şäheriň “Ýyldyz” söwda merkeziniň binasynda işe başlan bu sergä Türkmenistanyň Maşat şäherindäki Baş konsullygy öz sergi stendi bilen gatnaşdy.

Türkmenistanyň sergi stendinde türkmen halkynyň gadymy taryhyny, baý medeni mirasyny, döredijilik däplerini şöhlelendirýän şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleri, saz gurallary we milli lybaslary görkezildi.

Şeýlede, sergä gatnaşyjylara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp kitaplary bilen tanyşmaga mümkinçilikler döredildi.

Related posts

Türkmenistan’dan yalanlama

vepa

«Şatumaryň» täze önümleri

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan täze multimodal ulag geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär