JEMGYÝET

Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň Glazgoda geçirilen 26-njy maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldamak barada aýtdy we resminamany içgin öwrenmäge we ony durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň maslahatlaryny nazara almak bilen hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işjeň goldanmagynda ýurdumyz howa boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň milli derejede kesgitlenen goşandyny, (NDC) taýýarlady we ony 2022-nji ýylyň maýynda tassyklady. Bu strategik resminamada 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny 2010-njy ýylyň derejesine görä, 20 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar.

«Şu gün bu belent münberden Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna özüniň goşulýandygy barada resmi taýdan beýan edýär» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalary hem-de hyzmatdaş döwletler bilen gündelik hyzmatdaşlygy dowam etjekdigini nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi