TEHNOLOGIÝA

“Cybertruck” ulagy satuwa çykdy

Dört ýyl geçensoň, Ilon Maskyň ýolbaşçylygyndaky “Tesla” kompaniýasy köpden bäri garaşylýan “Cybertruck” ulagy satuwa çykardy we bu ulag ilkinji müşderilerine gowşurdy.

“The Verge” neşiriniň habaryna görä, Tehasyň Ostin şäherinde ýerleşýän kompaniýanyň ştab-kwartirasynda geçirilen çärede Ilon Mask ýük awtoulagyny on töweregi adama gowşurdy we täze, has tolgundyryjy döwre başlajakdygyny belledi.

Şeýle hem, kompaniýa çäräniň dowamynda ýük awtoulagynyň bahasy we aýratynlyklary barada täzelenen maglumatlary mälim etdi.

“AWD Cybertruck” ulagyň gymmaty 79990 dollar bolar, ol 340 mil menzil geçip biler, 4-6 sekuntda 0-60 km tizlige ýeter we iň ýokary tizligi 112 mil/s.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, “Ata Watan Media” topary “Cybertruck” kysymly ulagyny Kaliforniýanyň San-Hose şäherindäki “Tesla” kompaniýasynyň satuw merkezindäki tanyşdyrylyş sergisinde ýazgy edipdi.

Related posts

Marsda suw barmy?

Ata Watan Eserleri

«Apple» kompaniýasynyň täze şahamçasy Hindistanda açylar

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär