DÜNÝÄ

Türkmenistan Adalatçysynyň Gruziýa sapary

29–30-njy noýabrda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň ýolbaçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gruziýada iş saparynda boldy.

Saparyň çäklerinde, Türkmenistan Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa bilen Gruziýanyň Halk goragçy edarasynyň (Ombudsmen) ýolbaşçysy Lewan Ioseliani arasynda ikiçäk duşuşygy gurnaldy.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde tejribe alyşmak, şeýle hem milli hukuk goraýjy edaranyň netijeliligini ýokarlandyrmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler. Iki ýurduň arasynda özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň ýakyn geljekdäki gün tertibi barada pikir alyşdy.

Soňra Gruziýanyň Halk goragçy edarasynyň orunbasary hanym E.Guduşauri merkezi edaranyň alyp barýan ugurlary, onuň düzüm birlikleri we sebitleýin edaralarynyň işi bilen giňişleýin tanyşdyrdy.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti Gruziýanyň Ýörite derňew gullugynyň, Adam hukuklary boýunça merkeziň we beýleki degişli edaralaryň ýolbaşçylar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Hususan-da, duşuşyga gatnaşyjylar adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak we ilerletmegiň wajyp ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda Şäherleriň Bütindünýä Forumy başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar