Wagtal-wagtal agam Aşyrberdi Kürtüň şahsy arhiwindäki ýazgylary dörüşdirip okaýan. Bir kitabyň arasyna saralyp giden bölek kagyz bilen bellik edilipdir. Kimdir biriniň ýazan salam hatyndan ýyrtylan bölek. Onda şeýle ýazgy bar eken. «Bolýar onda, hoş sag boluň! Hatymyň soňuny Ýegen Atagarryýewiň şu goşgy setirleri bilen jemleýän.
«Ýatdan çykarmalyň birek-biregi,
Çaý başynda duşuşalyň käteler…» diýlip nokat goýlupdyr. Geň galdym. Sebäbi meniň bilýänim taryh ylymlarynyň doktory, akademik, professor, Merkezi Aziýanyň orta asyr arheologiýasy boýunça belli hünärmen Ýegen Atagarryýewdi. Onuň bu ugurdan ýurdumyzda hem-de doganlyk ýurtlarda çap bolan «Geçmişde näler görner», «Dehistan goraghanasy», «Medeni miras halk emlägidir», «Türkmenistanyň gadymy şäherleri», «Kim ýitirdi, kim tapdy» we başga-da dürli ýyllarda neşir edilen ençeme kitaplary bar. Ýegen aga goşgam ýazdymyka?— diýip öz-özüme sowal berdim. Ýogsa, men onuň metbugatda çap bolan makalalarynyň käbirlerini okapdym, teleýaýlymlardaky çykyşlaryny diňläpdim. Birden onuň 1989-njy ýylda «Magaryf» neşirýatynda çap bolan «Taryhda galan yzlar» atly kitabyny okanym ýadyma düşdi. Şol kitabyndaky «Alty ýüz teňňeli şäher» atly makalasy häzirem ýadymda. Bir gezek ol Moskwaly arheologlar bilen Daşoguza ekspedisiýa gidýär. ŞondaÝarbekirde hemem onuň töwereklerinde etmeli işlerini gutaryp ýene-de gadymy galalaryň, şäherleriň we oturymly ýerleriň gözlegini dowam etdirýärler. Orta asyrda ýaşalan ençeme ýurt ýerlerini karta geçirýärler. Ekspedisiýada bolanlarynda günüň batan ýerinde ýatylýan günleri kän bolýar eken. Şol gezegem şeýle bolupdyr. Adatdaky ýaly agşamlyk nahar edinip, ertirki edilmeli işler hakynda maslahatlaşýarlar. Birden ýagyş ýagyp başlapdyr. Güýçli çabga daňa golaý kiparlaýar. Daň atyp, jahan ýagtylýar. Ot ýakmak üçin çöp-çalam ýygnamaga lagerleriniň töweregine ýaýraýarlar. Gumsagrak takyrlykda gyrymsy ojarlaryň arasynda küýze döwükleridir bişen kerpiçler dagaşyp ýatan eken. Ýegen aga: «Olardan birnäçesini saýlap aldym-da, bir ýere üýşürdim. Göwnüme bolmasa öňe ýöredigimçe küýze bölekleri köpelýän ýalydy. Ýene birsalym ýöredim. Bişen kerpiçden salnan jaýlaryň diwarlary açylyşyp ýatyr. Agşamky ýagan ýagşyň tozany ýatyranlygy sebäpli bu ýerdäki her bir jaýyň planyny kartaňa arkaýyn geçiribermelidi. Köpe gözüň düşse haýsyny aljagyňy bileňok.Tapan zadymy alaýman olary seljerip, saýlap başladym. Küýze böleklerine üns bermän, çüýşe hem metal bölekleri çöpläp başladym. Metal böleklerindenem gözüm doýup, şol döwrüň pullaryny, teňňelerini çöpledim.
Ýörite tikilen kiçijik haltajygymy teňňeden dolduryp lagerimize tarap ýöredim.Ýolda-da bir goltuk odun aldym. Barsam ýoldaşlarym eýýäm çaý içip bolan eken.Teňňeli haltajygymyň agzyny başaşak tutup, şagyrdadyp krowatyň üstüne guýdum. Ekspedisiýanyň işgärleri geň galyp, teňňeleri synladylar. Soňam olar dürli sorag berip başladylar. Ol ýerde ullakan şäher bar, şol ýerden çöpledim — diýdim. Beýle orta asyr şäheriniň tapylmagyna hemmeden beter kärdeşimiz Nina Nikolaýewna Wakturskaýa begendi. Sebäbi ol şol döwürleriň obalaryny we şäherlerini, medeniýetini we sungatyny öwrenýärdi. Şonda ol ýerde birnäçe gün bolduk. Şäher harabalygyna aýlanyp çykdyk. Ýene-de kän teňňeleri çöpledik. Şäheriň planyny karta geçirdik. Täze tapylan bu köne şäher 15 gektar meýdany tutýar. Adatdaky ýaly agşam nahar başynda ýene-de nobatdaky edilmeli işleriň gürrüňi boldy. «Biz bu tapan şäherimize nähili at goýsakkak?» — diýip Nina Nikolaýewna sowal berdi. Tapan teňňelerimiziň sanyna görä, häzirlikçe «Alty ýüz teňňeli şäher» diýip şol tapan şäherimiz baradaky maglumatlarymyzyň hemmesini ýandepderçäme bellik etdim» — diýip ýazypdyr.
Onuň gürrüň berýän wakalaryny sada hem halky dilde çeper beýan edişi diýseň täsir etdi. Ýazýan wakalarynda tebigat hadysalaryny çeper meňzetmeler bilen beýan edişi, hekaýa okan ýaly gyzyklandyrdy. Dili gowy, ýeňil okalýar. Aslynda men, dogrymy aýtsam arheologiýa barada ýazylan kitaplar hakynda kän bir okamaga höwesli däldim. Gurak maglumatlardyr öýdýärdim, ýöne Ýegen aganyň şol kitabyny okanymdan soň, onuň beýleki kitaplary hakynda gyzyklanma döredi.
«Ýegen aga öte sowatly adam, belki, goşgam ýazandyr» diýip içimi gepletdim-de, halypa şahyr Baýram Jütdiýewe jaň etdim. Ol: — Ýegen aga gowy görýän adamlarymyň biri. Onuň halkymyzyň öňünde bitiren hyzmaty gaty uludyr. Jigim, onuň goşgy ýazandygyny bileňokdyňmy? Kän goşgulary bardyr. «Diýar» žurnalynyň baş redaktory wagtym žurnalymyzda-da goşgularyny çap edipdik. Alym adam, sowatly adam. Özi güýçli arheolog, ýöne goşgy ýazmaga-da höweslidi — diýip gürrüň berdi.
Baýram aga bilen sagbollaşdymda, ýazyjy Ýerbendi aga jaň aýladym. Ol: «Birmahal «Watan» gazetinde işleýärkäm, Ýegen aga Akbibi Janmämmedowa atly okadyp ýören talyp gyzy bilen ýanyma geldi. Häzir ol gyz durmuşa çykansoň, Gurbannazarowa boldy. Özem şahyr. Onuň «Toý diýip atylsyn gazanlaň duzy» diýip, ýazan goşgy setiri ýadymda galypdyr. Mirasa degişli gowy makalalaram ýazýar. Balkan welaýat «Taryhy we ülkäni öwreniş» muzeýiniň ylmy işgäri bolup işleýär, birje gyzy bar, maşgalaly. Şol zenan doga şikesli eken, görgüli. Häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetini gutarypdyr. Kä wagt maňa-da jaň edýär, ýöne telefon belgisi ýadymda däl. Ýegen aga onuň zehinine hormat goýup hem maýyplygyna nebsi agyryp: «Şeýle sowatly gyz, ýöne saglyk ýagdaýy şu zeýilli, gaýrat edip goldalyň. Milli mirasymyza degişli gowy zatlar ýazýar welin, metbugatda çykyş edip ile ýaýmaga ugrukdyralyň!» diýip haýyş etdi. Şonda özara gürrüňdeşligimizde ol maňa: «Senem meniň daýy ugrum bolýaň. Meniň hakyky adym Atagurt, ýöne ir ene-atadan jyda düşüp, daýylarymyň elinde terbiýelendim-de «ýegen-ýegen» diýlip Ýegen adym galypdyr. Aslymyz «Bokurdak obasyndan» diýip gürrüň berdi. Ol diýseň ýumşak häsiýetli, adamkärçiligi şeýle gowy adamdy. Eger Ýegen aga barada bir zatlar ýazmak meýliň bar bolsa, Akbibi kän zatlar aýdyp biler» diýip salgy berdi.
Derrew onuň telefon belgisini tapdym. Jaň edip Ýegen Atagarryýew hakynda makala ýazmakçydygymy aýdanymdan, onuň begenşini bir görsediňiz. «Alla jan, Ýegen aga ýaly adamlary hatyralap, ýatlaýan adamlaň iki dünýäsi abat bolsun!» diýip, alkyşlaýar welin, tolgunmadan ýaňa damagym dolup gözüme ýaş aýlandy. Ol:
— Talyp döwrüm Ýegen aga Türkmenistanyň ýadygärlikleri boýunça birinji ýyl doly, soň dördünji ýyllykdakam ýarym ýyl okatdy. Şonda diplom iş ýazmaklyk baradaky gürrüňdeşlikde talyplaryň pikiri diňlendi. Men: «Mugallym, «Günbatar Türkmenistanda mal tagmalary we maldarçylyk esbaplary» temadan diplom iş ýazaýsam» diýip pikirimi aýtdym. Ýegen aga birbada sesini çykarmady. Ertesi gelip: «Sen şu saýlan ugruňdan diplom iş ýaz. Heniz ýazylmadyk tema. Özüm ýolbaşçylyk etjek» diýdi. Soň dynç alşa çykyp oba gaýtdym. Öýe gelemsoň, çopan goşlaryna, köpi gören ýaşulularyň ýanyna baryp saýlan temam boýunça maglumat ýygnadym. Dynç alyşdan baramsoň, Ýegen mugallym toplan maglumatlarymy görüp: «Gyzym, sen eýýäm kän iş edipsiň, menem käbir maglumatlary goşsam işiň taýýar» diýdi. «Ýöne sen, şu ugurdan ylmy işem alyp bargyn» diýip tabşyrdy. Soň men ylmy işimiň aladasy bilen boldum. 2020-nji ýylda «Ylym» neşirýatynda «Türkmenistanda mal tagmalary we maldarçylyk esbaplary» at bilen monografiýam çap edildi. Nesip bolsa kandidatlyk işimi goramakçy. Özüm Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty. Ýegen aganyň maňa bildiren uly ynamy üçin yhlas bilen işleýän, ýöne bu işimi onuň özüne görmek miýesser etmändigine gynanýan.
Ýegen aga ylma berlen adamdy. Her bir sözüň güýjüne, gymmatyna, adam diýen sözüň beýikligine düşünýän adamdy. Ony tanaýan, adamkärçilik duýgusy bolan adam diňe ýagşylykda ýatlar. Gaty kiçi göwün adamdy. Doglan güni bolanda bir gezek gutlag ýazyp metbugatda çap etdirdim. Şonda dagy begenip: «Gyzym, sen meni nähili begendirdiň?» diýip hat ýazyp ýollapdyr. Kä wagt baýramçylyk bolsa «Gadyrly okuwçym!» diýip otkritka gutlag ýazyp ugradardy. Talyp wagtym kän mugallymlar okatdy, ýöne maňa iň ýakyn hem hossarlyk goldawyny beren Ýegen agadyr. Doga maýyp bolamsoň, iki goltugymam demir pişekli ýöreýän. Ikinji gata çykyp Ýegen agadan maslahat soramakçy bolsam, birden gelýänimi zalda duran ýerinden görse-de: «Dur-dur, ýokaryk kösenip çykma» diýip ylgap gelerdi. Oturgyçda oturdyp degerli maslahatlaryny bererdi. Onuň dözmez ýüregi bardy. Ol adamlaryň özüne bolan gowy pikir garaýyşlaryny mähribanlygy bilen gazandy. Ýegen aga hemme zada ýitilik bilen serederdi. «Gyzym, sen irde-giçde galamgär bolarsyň. Öz pikiriňizi, düşünjäňizi beýan etmäge synanyşýaňyz» diýipdi. Diplom işimi taýýarlan mahalym, görkezme esbaplarymy elde taýýarlapdym. Ýyllykdaşlaryma: «Derrew plakatlaryna ramka ýasadyp, Akbibiniň görkezme esbaplaryny diwardan asyp goýuň!» diýip tabşyrypdyr. Şonda komissiýa toparda sekiz adam otyrdy. «Birinji siz giriň!» diýdiler. Elim bir gujak gülli bardym. Diplom işimi gorap çykamda, Ýegen aga ýene-de öz elten gülümi özüme gowşuryp gutlapdy. Onuň hiç wagt gaharlananyna gabat gelmedim. Käbir talyplar gaharyny getirende-de paýhas bilen düşündirerdi. Ol häsiýetini bir durkuna saklap bilýärdi.
Ýokary okuwy gutaryp obamyzdaky mekdepde işläp ýörkäm, kandidatlyk işimi dowam etdirmegim üçin aladalanyp, Ýegen aga hat ýollap paýtagtda işlemäge çagyrdy. Onsoň paýtagta gelip, ogly Agabaýyň ýolbaşçylyk eden milli muzeýinde-de iki-üç ýyl işledim. Hat-da, meniň metbugat sahypalarynda çykyş etmegime-de ýol salgy berip ugrukdyran Ýegen agadyr. Jaýy jennet bolsun, halypanyň!» diýip, oňa ýagşy doga-dilegler etdi. Soňra-da ol Balkan welaýatynda Taýça Taýçaýew diýen taryhy ülkäni öwrenijiniňem Ýegen aganyň okadan talybydygyny hem onuň ençeme gezek Ýegen aga bilen ekspedisiýalara gatnaşandygyny aýtdy. Onsoň Taýça aga jaň etdim. Ol: «Ýegen aganyň ady ýerde ýatmaly däldir. Ol bir «Ahun» sypat adamdy. Welaýatymyza Ýegen aganyň gelenini eşitseler obadaşlar ony Madawly ýa-da Etrekli ýaly kabul edýärdiler. Obadaşlarymyz «Biziň Ýegen agamyz» diýerdiler. Sebäbi ol welaýatymyza ekspedisiýa 30 ýyldan gowrak wagtyň ýylyň dowamynda her ýyl gelipdir. Ekspedisiýa gelen wagtynda obadaşlar ony myhmançylyga çagyrardylar, emma ol işine juda berlen adamdy. Meýdanda çadyr gurap çölde ýatardy. Gowy iş edýäňiz, ömrüňiz zyýat bolsun» diýip gürrüňe başlady. «1975-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tamamladym. Ýegen aga bilen Dehistanyň, Maşat Misrianyň ekspedisiýalaryna hemem onuň ýardam bermeginde Wadim Mihaýlowiç Massonyň Altyn depede geçiren gazuw-agtaryş işlerine gatnaşdym. Ol örän ykjam adamdy. Ekspedisiýa gidenimizde iň-ňe-sapagymyza çenli ýanymyzda bolmalydygyny öwrederdi. Ýegen aga hakynda 1990-njy ýyllaryň başlarynda welaýat gazetimizde uly makala ýazypdym. Onuň derňewlerine mowzugyň derwaýyslygy, täze maglumatlaryň köplügi we işiň öňünde goýlan anyk meseleler mahsusdyr. Ol Germaniýanyň, Italiýanyň, Mongoliýanyň,Türkmenistanyň, Fransiýanyň, Russiýanyň we GDA-nyň dürli neşirlerinde çap edilen 200-den gowrak ylmy we ylmy-köpçülikleýin işleriň awtorydyr. Merkezi Aziýanyň halklarynyň taryhy-medeni mirasynyň öwrenilişine uly goşant goşdy. Ol halkara ylmy maslahatlara Türkmenistanyň arheologiýa ylmynyň wekili bolup birnäçe gezek gatnaşdy. Ýegen aga maňa 1986-njy ýylda Leningradda neşir edilen «Sredinewskowyý Dehistan» atly kitabyna «Okuwçym Taýça Taýçaýewe awtordan» diýen ýazgy ýazyp sowgat beripdi. Ol juda pes päl adamdy. Ekspedisiýa baranymyzda hemmeden öň turup meýdanda, çölüň içinde çöp-çalam ýakyp arheologlaryň çaý-suwuny taýýarlap ýörerdi. Onuň şeýle işjanlylygynyň özi nusgalykdy. Talyp wagtym paýtagtymyzyň 1-nji maý köçesinde ýaşaýardy. Onuň şahsy öý kitaphanasyndaky kitaplary okamak üçin öýüne kän barardym. Ol uly-uly wezipelerde işlän tanymal şahsyýetleriň biridir. Öz döwründe SSSR Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň Orta Aziýa arheologiýasy boýunça Geňeşiniň, TSSR Ylymlar akademiýasynyň Jemgyýetçilik ylymlary bölüminiň Ýöriteleşdirilen Alymlar geňeşiniň, TSSR Ylymlar akademiýasynyň Şaja Batyrow adyndaky Taryh institutynyň ylymlaryň kandidaty we ylymlaryň doktory alymlyk derejesini bermek boýunça Alymlar geňeşiniň, Özbegistan SSR-iniň Arheologiýa institutynyň Alymlar geňeşiniň agzasydy. Köp wagtlap «Türkmenistanyň ýadygärlikleri» habarlarynyň baş redaktory, TSSR Ylymlar akademiýasynyň habarlary (jemgyýetçilik ylymlarynyň tapgyry)» žurnalynyň neşir geňeşiniň agzasy boldy. Öz ylmy we ylmy-usuly işleri üçin birnäçe gezek hökümet sylaglaryna mynasyp boldy. 1981-nji ýylda ol SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Permany bilen, «Zähmetde tapawutlananlygy üçin» medaly bilen sylaglanypdy. SSSR Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.P. Aleksandrow ony bu ýokary hökümet sylagy bilen gutlapdy. 1986-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen at bilen, sylaglandy. Mugallymymyz bolansoň, Ýegen agany bizem gazanan üstünlikleri bilen gutlaýardyk» diýip ýatlady.
Ýegen aganyň ýurt Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soňra mynasyp bolan Döwlet sylaglary hasam kän. Sebäbi onuň bu döwürde mynasyp bolan sylaglarynyň gowşurylyş dabaralaryna özümizem gözli şaýat bolduk. Onuň Magtymguly adyndaky Halkara baýraklar boýunça Komitetiň başlyklygyna bellenenem ýadymda. Ol ýurdumyzyň Jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan adamdy. Şonuň üçin bitiren uly hyzmatlary göz öňünde tutulyp «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen, «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglanypdy. «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň eýesidi. Ol barada maglumat toplaýarkam onuň başga-da kän wezipelerde işländigi hakynda ýazgylara gabat geldim. Ol SSSR Ylymlar akademiýasynyň medeni we tebigy ýadygärliklerini goramak boýunça Geňeşiniň agzasy bolupdyr. Şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet we habar beriş ministrliginiň ýanyndaky ýörite Ylmy-usuly Geňeşine köp ýyllap ýolbaşçylyk edipdir. Bulardan başga-da, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Türkmenistanyň Merkezi Aziýa we Gündogar halklarynyň medeni mirasy Döwlet institutynyň Alymlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetiripdir. Ol öz ugrundan hünärmenleri ýetişdirmekde-de uly hyzmat bitirdi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Serdar Maşarykowyň akademik Ýegen Atagarryýewiň şägirdidigini bilýärdim. Şonuň üçin ýakynda onuň iş ýerine baryp, halypasy Ýegen aga baradaky ýatlamalaryny gürrüň bermegini haýyş etdik. Ol:
— 1994-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Arheologiýa we etnologiýa» kafedrasynyň arheologiýa bölümine okuwa girdim. Giriş synagy akademik Ýegen Atagarryýew kabul etdi. Özüm Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndan. Synagda Ýegen mugallym ilki bilen Magtymguly etrabynyň taryhy ýadygärlikleri hakynda, soňra-da Dehistan ýadygärliginde haýsy alymlaryň iş alyp barandygyny sorady. Onuň birinji sowalyna derrew jogap berdim-de, ikinji sowalynyň jogabyna geçdim. «Dehistanda akademik Ýegen Atagarryýew iş alyp bardy» diýdim. Ol güldi-de: «Sen ony tanaýaňmy?» diýdi. Ýoldaş mugallym, ilkinji gezek ýüzbe-ýüz görýän, şol siz bolmaly. Sebäbi men siziň işleriňiz bilen bagly olimpiadalara gatnaşyp ýörün. Kitaplaryňyzy okaýan, teleýaýlymlardaky çykyşlaryňyzy diňleýän» diýdim.
Soň talyp bolup bir aý okamsoň, Ýegen aga: «Arheologiýa işiniň nähilidigini görüň» diýip, ýany bilen Dehistana äkitdi. Ondan soň has kämilleşmegimiz üçin 1995-nji ýylyň tomsunda dynç alyş wagtymyz üç aý Dehistana äkitdi. Alym Ejegül Ataýewa bolsa, toparymyza ýolbaşçylyk etdi. Şirkebir metjidiniň girelgesinde arassaçylyk işlerini geçip, üsti ýapylan jaý sütünleriniň yzlaryny anykladyk. 1994-1997-nji ýyllaryň dowamynda Ýegen Atagarryýew Maşat-Misrian jülgesiniň gadymy ýadygärliklerini öwrenmek boýunça bilelikdäki türkmen-fransuz arheologiýa agtaryş toparynyň işine türkmen tarapyndan ýolbaşçy hökmünde gatnaşdy. Şol arheologiýa ylmy-barlag işlerine gatnaşmak maňa-da miýesser etdi. Şonda fransuz arheology Oliwýe Lekomt: «Siziň halypaňyz Ýegen Atagarryýew türkmen arheologiýasynyň kerwenbaşysy» diýip baha berdi. Şeýle beýik halypanyň elinde tälim alýandygymyza diýseň buýsandyk. Şondaky ekspedisiýada ýiten jaý sütünleriniň yzlary dikeldildi.
1995-nji ýylyň güýzünde ýene iki aý — sentýabr, oktýabr aýlarynda Seýit-Jemaleddin ýadygärliginde Ýegen Atagarryýewiň ýolbaşçylygynda arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirilip, bu işler galanyň günorta tarapyndaky girelgede alnyp baryldy. Girelgäniň sütünleri anyklandy, şeýle hem orta asyrlara degişli bolan «Sardob» doly arassalandy we rejelendi. Ondan soňra halypamyzyň ýolbaşçylygynda güýz paslynda Dehistan orta asyrlar şäheriniň arheologik barlag işleri alnyp baryldy. 1998-nji ýylyň iýun aýynda okuwymyzy gutaramyzsoň, Ýegen aga Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Taryh institutynyň «Arheologiýa» bölüminde kiçi ylmy işgär bolup galmagymy sorady. Höwes bilen razy boldum. Sebäbi onuň bilen işleşmek uly bagtdy. Ol ýerde institutyň her ýyldaky meýilnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň dürli arheologik ýadygärliklerinde gözleg barlag işleri alnyp baryldy. Ýegen aga hat-da tejribämi has-da kämilleşdirmek üçin akademik Wiktor Iwanowiç Sarýanidiniň ýanynda az wagtlyk bolsa-da, gazuw-agtaryş işlerine gatnaşmaga mümkinçilik döretdi. Taryhyň bir bölümi bolan arheologiýa ylmy çylşyrymly hem gyzykly. Ylymda kämilleşmegimde Ýegen aga hemişe halypam boldy. 2001-nji ýylda Hytaý halk Respublikasynda ylmy-gözleg işlerimi kämilleşdirmäge gitmegimde-de Ýegen aganyň uly hyzmaty bar. Ol ýerden gaýdyp gelemsoň, ýene halypam bilen işleşdik. Şondan soňra-da halypamyň hemaýaty bilen deň-duş kärdeşler bolup arheolog Öwez Gündogdyýewiň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýa-da gatnaşdyk, Aşgabadyň töweregindäki arheologik ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işleri alnyp baryldy.
Ýegen mugallymyň goýup giden tejribesi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Arheologiýa we etnologiýa» kafedrasynda mugallym, has soňrak Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Muzeý öwreniş we arhiw işi» kafedrasynda işlänimde talyplara ders bermekde-de, taryhy ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işleri alyp barmakda-da onuň iş usullaryndan peýdalandym. Häzirki iş ýerimde bolsa, halypamyň ogly Agabaý Atagarryýew bilen birnäçe ýyl bäri bile işleýäs. Bu ýerde-de Ýegen Atagarryýew halypanyň öwreden tejribesinden ugur alyp iş alyp barýas. Onuň işleýiş mekdebi maňa uly sapak. Ol maňa öz ýandepderçesini sowgat beripdi. Meýdan arheologiýasynda ýa-da ylmy-otag arheologiýasynda öz edýän işleriniň meýilnamasyny, gündelik eden işlerini her gün gündelige belleýän eken. Taryhy tapyndylary surata almak, şol tapyndylaryň ýerleriniň çyzgysyny çyzmak, umuman, gazuw-agtaryş işleri geçirilende ýöne baryp gazybermeli dälde, diýseň ünsli bolup tapyndylaryň her haýsynyň döwrüni garyşdyrmaz ýaly hereket etmeli. Häzir tehnologiýa ösdi, ýöne barybir, gözleg gatlagynda iş alnyp barlanda seresap, sünnäläp iş alyp barmaly. On ýyl öň kakasyndan öwrenen tejribelerini Agabaý halypada häli-şindi maslahat berip durýar» diýip gürrüň berdi. Onuň ýaly bolsa, iş ýeriňiz bir ýerde eken. Agabaýyňam kakasy baradaky gürrüňlerini diňläli — diýip onuň bilenem gürrüňdeş bolduk. Ilki bilen ondan kakasynyň terjimehalyny soradyk. Ol:
— Kakam Ýegen Atagarryýew 1934-nji ýylda Tejen etrabynyň (häzirki Babadaýhan) Akgoňur obasynda daýhan maşgalasynda doglan. Çagalyk ýyllary uruş döwrüne gabat gelýär. Ol orta mekdebi gutaryp, 1951-nji ýylda Babadaýhan etrabynyň ýediýyllyk mekdebinde ilki mugallym, soňra okuw müdiri bolup işläp, zähmet ýoluna başlaýar. Ýaşlykdan sowatly, ýiti zehinli bolansoň, eýýäm bir ýyldan ol etrabyň ýaşlar guramasynyň bölüm müdirligine işe çagyrylýar. 1953-1957-nji ýyllarda häzirki Türkmenabadyň Mugallymçylyk institutynda okaýar we okuwyny gutaran dessine-de Esenguly etrabyna mekdep direktory bellenip işe ýollanýar. Mekdepde iki ýyl işlänsoň, aspirantura okuwa girmek üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutyna gelýär. Institutyň alym kätibi K.W. Atemasow onuň habaryny alyp, aspiranturada ýer ýokdugyny aýdýar we SSSR Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy S.P. Tolstowdan gelen hatda arheologiýa ýadygärliklerine baý bolan Türkmenistanda milli arheologiýa hünärmenleriniň zerurlygy barada ýazylandygy bilen düşündirip, kakama arheologiýa bilen meşgullanmagy maslahat berýär. Şeýlelik bilen arheologiýa gelýär. Kakamyň terjimehalyndaky bu özgeriş tutuş durmuş ýoluny kesgitleýär. Onuň zähmet ýoly ýönekeý tälim alyjy arheologlykdan tä Türkmenistanyň arheologiýa ylmyna ýolbaşçylyk edip alymlyk derejesine çenli geçen uzak, ösüşli, açyşlaryň şatlygyndan, şowsuzlyklaryň ynjysyndan doly ýoldan ybarat.
Hemme zat ilkinji ädimlerden başlanýar. Kakamyňam arheologik gözleg işleri türkmen gadymy ýadygärlikleriniň görnükli barlagçysy Aleksandr Aleksandrowiç Maruşşenko bilen bilelikde, 1959-njy ýylyň güýzünde Çopandepe arheologiýa ýadygärliginde işlän döwründen başlanýar. Hut şol wagt Maruşşenko kakamyň ýaşlykdan ýiti ukybyny aňyp, oňa arheologiýa gazuw-agtaryşlaryň usullaryny höwes bilen öwredýär.
Günorta Türkmenistanyň çäginde ýerleşen köp sanly orta asyr harabalyklary geljekki alym kakam — Ýegen Atagarryýewiň ünsüni barha özüne çekýär. Olaryň biri Şähryslam şäheridir. Bu şäher harabaçylygyny 1960-njy ýylda oňa Maruşşenko görkezýär. Şondan soňky ýyl kakam Moskwanyň Mikluho-Maklaý adyndaky etnografiýa institutyna aspirantura okuwa girýär. Şähryslam bolsa, onuň köpýyllyk hemişelik arheologiýa barlaglarynyň desgasy bolýar. Bu barlaglaryň we arheologiýa açyşlarynyň netijeleri esasynda ol «Şähryslam (Ýazyr) orta asyr şäher harabalygy (taryhy arheologiýa beýany)» atly kandidatlyk dissertasiýasyny gorady. Onuň 1967-nji ýylda M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinde goran bu kandidatlyk dissertasiýasynda arheologiýa ylmynyň halypalarynyň biri S.P. Tolstow ylmy ýolbaşçysy bolupdyr.
Kakamyň aýdan bir gürrüňi hiç ýadymdan çykanok. Ol: «Emedekläp ýören çaga wagtym kakam ýogalypdyr. 1945-nji ýylyň 9-njy maý günüdi. Urşuň ýeňiş bilen gutarandygyny buşlamak üçin ylgap öýümize geldim. Gapydan girsem ejem agyr halda ýatyrdy. Eje jan, buşluk! Uruş gutardy, özem ýeňiş bilen — diýip, şatlyk bilen hoş habarymy aýtdym. Ejem çalaja gobsunan ýaly edip, ysgynsyz halda göwresini galdyryp bilmedi. Mähribanymy söýget berip, ýerinden galdyrjak boldum. Emaý bilen dyzymyň üstünde kellesini goýdum. Şol pursadam ol gujagymda jan berdi — diýipdi. Bu barada kakam özüniň «Ýatlama» poemasynda doly beýan edipdir — diýip, şol poemasyny okamaga berdi. Ýegen aga üç doganyň körpesi eken. Iki oglan bir gyz dogan. Agabaý onuň uly agasynyň at dakylany eken. Ýegen aga kän goşgy ýazypdyr. Olary 2014-nji ýylda çagalary özbaşdak ýygyndy edip öý kitabyna jemläpdirler. Agabaý ol kitaby eline alyp oturyşyna:
— Kakam 2009-njy ýylyň 25-nji ýanwar güni ýogaldy. Şo wagtlar Maryda işleýärdim. «Dynç güni çagalara hurşluk alaýyn» diýip bazara bardym. Juw ak çebiş getirdiler, soýmaga dözer ýaly däl. Üç gezek yzyna gaýtardym, ahyry satyjy: «Agam, al şuny, gurat mal» diýip aldyrdy. Namazly-täretli tanyş ýigit: «Bissimylla bilen çebşiň damagyny çalandan el telefonyma jaň geldi. Sagja gezip ýören kakamyň tarpa-taýyn ýogaldy habaryny aýtdylar. «Wah, şu akja çebşi almaly däldim» diýip ökündim. Boljak işdir-le welin, bilmedim, näme üçindir şol ak çebşi alamda birhili göwnüme aldym — diýip gamgyn halda sözüni dowam etdi. «Kiçilikden kakam meni ekspedisiýa ýany bilen äkiderdi. Bir gezek ir bilen turzup: «Oglum, bar, tüňçede çaý goý» diýdi. Gaýtargy berýän däldiris welin, oglanlyk edip: «Kaka özleri goýaýsynlar-la» diýsem, «Men saňa buýrup bilýän, oglum! Olar özlerinden bilip etmeseler, diýip düşündirmek kyn» diýipdi. Kakam çaga wagtlarymyz köplenç gijelerine işlärdi. Talyp wagtlarymyz kursdaşlar bolup öýe üýşenimizde Çingiz han hakynda, Jelaleddin hakynda we başga-da taryhy şahsyýetler hakynda kän gürrüň bererdi. Kakam gyşyň güni ýogalan bolsa-da, ähli belli günlerinde howa ýazyň güni ýaly boldy. Men ikinji ogly, biz üç oglan üç gyz dogan. Kakamyň alty perzendinden 16 agtygy, 25 sany çowlugy bar. 13 ýaşymdan arheologiýa gazuw-agtaryşa gatnaşyp başladym. Ilki taryh ylymlarynyň doktory Hemra Ýusubowyň ekspedisiýasy bilen 2 ýyl, soňra kakamyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Kufen Şugundyrbaba taryhy ýadygärlik (Çugondar) orta asyr şäherinde geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş işlerine gatnaşdym. Bu ýerde 1967-nji ýylda hemişelik arheologiýa gazuw-agtaryşlary başlanýar we köp iş meýdan möwsümleriniň dowamynda alnyp barylýar. Bu gazuw-agtaryşlar ýaşaýyş we hojalyk jaýlarynyň gurluşlary barada düýpgöter täze maglumatlary berýär, şeýle hem Abiwerd oblastynyň (welaýatynyň) orta asyr ilatynyň durmuşynda bu şähriň tutan ähmiýetli ornuny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Kakam Misrian jülgesiniň doly barlagyny geçirende, orta asyr şäheriniň durmuşynyň dürli (ähli) taraplaryny doly anyklamaga çalyşdy. Netijede, kärdeşleriniň ýazan synlaryndan görnüşi ýaly, ol wezipäniň hötdesinden gelmegi başarypdyr. Şu barlaglaryň netijeleri bilen meýdanda we ylmy otaglarynda iş geçirmekde baý tejribe toplap, köp sanly arheologiýa gözleg-barlag saparlarynyň dowamynda öz ünsüni Dehistan şäherine gönükdirýär. Giň meýdany tutýan we entek uly arheologiýa gazuw-agtaryşlaryny başyndan geçirmedik hem-de ajaýyp binagärlik ýadygärlikleriniň galyndylaryny özünde jemleýän bu şäher bilen ilki kakam ylmy neşirleriň üsti bilen tanyşýar. Dehistan Horezmi, Eýran we Arap ýurtlary bilen baglaşdyrýan söwda ýolunda ýerleşen baş desga hökmünde ony gyzyklandyrýar.
Kufen harabalygynda gazuw-agtaryşlar tamamlanansoň, Misrian jülgesindäki orta asyr Dehistan bilen bir saýylýan şäherde barlagy geçirmek kararyna gelýär. Kakamyň ylmy terjimehalynda hut şu barlaglaryň iň netijeli bolandygyny kärdeşleri buýsanç bilen nygtaýarlar. «Muňa sebäp bolan onuň toplan uly tejribesimi, ýa-da uly duýgurlygymy, parhy ýok. Barlaglar örän agyr şertlerde geçirilýär. (çöllük we suwsuz ýer, iň golaý ilatly nokada çenli bolan aralyk 25 km, üstesine-de ýolsuzlyk). Şeýle-de bolsa Ýegen aganyň erjelliginiň we tutanýerliliginiň netijesinde, täze açyşlar edildi we täze tapyndylar ýüze çykaryldy. Bu barlaglar kän ýyllap dowam etdi» diýýärler — diýip gürrüň berdi.
Gürrüňdeşlikden soňra Ýegen aganyň ýaşan ojagyna baryp, onuň iş otagy bilenem tanyşdyk. Iş otagynyň diwarlary kitapdan gurlan ýalydy. Tekjedäki kitaplara söýelgi duran iki sany dutara gözüm düşenden, Ýegen aga dutaram çalýardymy?— diýip soradym. «Ýok, ýöne, kakam bagşy-sazandalary diňlemegi gowy görýärdi. Öýümize tanymal adamlar kän gelerdiler. Kakam jan, ynha, şu oturgyçda gapa seredip oturardy» diýip, gyzy Ejebaý kakasynyň oturgyjynda oturdy. Onuň göz leriniň balkyldap ýaşa dolup durşy, häzirem göz öňümde. Ejesi Dursun ejäniň ýogalanyna-da 2 ýyl bolan eken. Kitap tekjeleriň öňünde Ýegen aganyň 70 ýaş toýunda ýan ýoldaşy bilen düşen suraty, hem uly daragtyň şahalarynda onuň ogul-gyzlarynyň, agtykdyr çöwluklarynyň suratlary goýlup, saýasynda-da Ýegen aga bilen aýaly Dursun ejäniň suraty goýlup ýasalan portreti hasam oýlandyrdy.
Ýegen agany iň soňky gezek ýogalmazynyň 3-4 ýyl öň ýanlary Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň garşysyndaky duralgada durkam görüpdim. Sag eli bilen çep gursagyny tutup zordan ýöräp geldi-de, taksa münüp gitdi. Biynjalyk boldum. Telefon belgisini bilmämsoň, «Sag-aman öýüňize bardyňyzmy?» diýip habaram tutup bilmedim. Şonda ýolda halypa artist Juma Ýazmyradowam gabat geldi. Saglyk-amanlyk soraşdyk-da, wah, ýaňy arheolog Ýegen agany gördüm welin, ýaranok öýdýän. Gynanaýdym, zordan ýöräp barýan eken — diýdim. Ol: «Men hemişe gutlag aýdanymda, ýagşy dileglerimiň soňunda «günümiz garratmasyn» — diýip endik edipdirin. Ýegen aga-da uly maşgalanyň eýesi-dä, jigim…» diýip dymdy. Dogrudanam, onuň hojalygy uly maşgala eken. Ýatlamalara berlip durşuma «howludaky bökjekläp ýören körpeler haý diýmän ulalarlar. Olar Ýegen aganyň iş otagyna baryp atasynyň, babasynyň nähili beýik şahsyýet bolandygy hakynda öwrenerler» — diýip oýlandym.
Akgül Saparowa.