DÜNÝÄ

Alžiriň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň (oturýan ýeri Ankara ş.) täze bellenilen Ilçisi Amara Belaniniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Ministriň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň türkmen-alžir gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky diplomatik missiýasyny ýerine ýetirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň güntertibi barada maslahatlaşdylar, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda,-ykdysady, medeni-ynsanperwer ýaly möhüm ugurlardaky türkmen-alžir hyzmatdaşlygyny giňeltmek we çuňlaşdyrmak barada pikir alyşdylar.

Halkara guramalaryň, hususanda BMG-niň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlyk bellenilip geçildi.

Related posts

Gyrgyzystanda ilkinji Gün energiýasy elektrik stansiýasy açyldy

Ata Watan Eserleri

Ermenistanyň Prezidenti we Nepalyň Premýer-ministri Türkmenbaşa geldi

Ata Watan Eserleri

Dohada Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy

Ata Watan Eserleri